Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň «Pars dili we edebiýaty» hünärinde okaýan hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplarynyň arasynda «Dost-doganlyk dilleri — Parahatçylyk ýollary» atly temada sözleýşiň suratlandyrma görnüşinde tekst düzmek boýunça bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty guraýar. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşige her bir ýokary okuw mekdebinden 5 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşigiň netijeleri jemlenende hünär ugry «Pars dili we edebiýaty» bolan talyplaryň işleri hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplaryň işleri aýratynlykda bahalandyrylar.
Taýýarlanylan işler 20-nji maýa çenli kabul edilýär. Bäsleşik 26-njy maýda jemlenip, netijeler institutyň resmi web-saýtynda (www.tdmugi.edu.tm) yglan edilýär.