Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:2207.05.2025
0
26435

Türkmenistan we Fransiýa strategiki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, türkmen aýdymçylary Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek baýramçylyk konsertine gatnaşarlar, Aşgabatda küşt boýunça ýaşlaryň arasynda halkara ýaryşy geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns çekdiler.

https://turkmenportal.com/blog/90786/turkmenistan-i-franciya-obsudili-perspektivy-strategicheskogo-partnerstva

2. Şeýle hem saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurtda işläp gelýändigi bellenildi. Taraplar onuň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge goşýan goşandy barada hem aýtdylar.

https://turkmenportal.com/blog/90781/predsedatel-halk-maslahaty-provel-vstrechu-s-glavoi-francuzskoi-kompanii-bouygues

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Parižde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumynda çykyş edip, fransuz işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň fransuz önümlerini we hyzmatlaryny öz bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge, aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary we ulag ulgamy ýaly ugurlarda öňe sürmäge taýýardygyny tassyklady.

https://turkmenportal.com/blog/90782/gurbanguly-berdymuhamedov-nazval-pyat-prioritetnyh-napravlenii-sotrudnichestva-s-franciei

4. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň energetika we sanly tehnologiýalardan başlap, bilim we arheologiýa ýaly giň ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz tarapyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/90787/turkmenistan-i-franciya-podpisali-solidnyi-paket-dvustoronnih-dokumentov

5. Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary GDA ýurtlaryndan 250 aýdymçydan ybarat birleşen horuň düzüminde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaralarda çykyş ederler.

https://turkmenportal.com/blog/90784/turkmenskie-muzykanty-primut-uchastie-v-prazdnichnom-koncerte-v-moskve-k-80letiyu-pobedy

6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy üçin awtomatlaşdyrylan elektron wiza ulgamyny işläp düzmek we we işe girizmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Berilýän maglumatlara laýyklykda, ulgam resminamalaryň tabşyrylmagyndan başlap berilmegine çenli wiza amallarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün eder. Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýünde şu ýylyň 22-nji maýyna çenli kabul edilýär.

https://turkmenportal.com/blog/90798/v-turkmenistane-obyavlen-tender-na-razrabotku-sistemy-elektronnyh-viz

Dünýäde

1. Beýik Britaniýanyň kazyýeti kanuny dynç gününde işleýän kompaniýasy tarapyndan işden boşadylan aýalyň tarapyny tutdy. Joann Niliň öňki iş berijisi oňa 25 müň funt sterling möçberinde öwez tölegini tölemeli edildi. Aýal dynç güni dynç alýardy we garaşylmadyk ýagdaýda iş berijisinden wideoaragatnaşyk arkaly maslahata çagyryldy. Bu jaňyň dowamynda kompaniýanyň müdiri onuň işden boşadyljak işgärleriň sanawyna goşulandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa Joanna sorag bermek ýa-da karara garşy çykmak mümkinçiligi berilmedi. Nil kazyýete ýüz tutdy, kazyýetde işden boşatmagyň bu usulynyň onuň psihologiki saglygyna ýaramaz täsirini ýetirendigi barada çözgüt kabul edildi.

https://turkmenportal.com/blog/90789/britanke-vyplatili-kompensaciyu-v-25-tysyach-funtov-za-uvolnenie-v-vyhodnoi

Sport täzelikleri

1. Aşgabatda şu ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda küşt boýunça ýaşlaryň arasynda halkara ýaryşy geçiriler. Ýaryş Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň binýadynda guralar. Bu ýaryşa 8, 10 we 12 ýaşa çenli ýaş derejeleri boýunça oglanlar we gyzlar gatnaşarlar. Ýaryşlar Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» derejesine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

https://turkmenportal.com/blog/90728/ashhabad-primet-mezhdunarodnyi-turnir-po-shahmatam-sredi-yuniorov

2. Italiýanyň «Inter» toparynyň futbolçylary UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Ispaniýanyň «Barselonasyny» goşmaça wagtda 4:3 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdylar. Barselonada geçirilen ilkinji oýun 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Aýgytly oýunda «Inter» Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary bilen Angliýanyň «Arsenalynyň» arasyndaky gapma-garşylygyň ýeňijisi bilen duşuşar. Londonda geçirilen ilkinji duşuşyk Parižiň klubynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Jogap duşuşygy 7-nji maýda Parižde geçiriler. Çempionlar ligasynyň finaly 31-nji maýda Mýunheniň «Alýans Arena» stadionynda geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/90793/inter-obygral-barselonu-i-vyshel-v-final-ligi-chempionov

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň