Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy 3-nji maýda Konstansa şäheriniň Teçirgýol obasynda geçirilen «Hydyrlez» festiwalyna gatnaşdy.
Festiwal Rumyniýanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň hemaýaty we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermegi bilen geçirildi.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde sergi-ýarmarkanyň dabaraly açylyşy boldy, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen 5 milli oýun we sport görnüşleri görkezildi. Şeýle hem myhmanlar milli tagamlardan datdylar, milli aýdym-sazlar we tanslar bilen tanyşdylar, olara gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri tarapyndan taýýarlanan döredijilik we dürli senetçilik ugurlary boýunça ussatlyk sapaklary hödürlendi.
Çadyrlarda guralan we gatnaşyjy ýurtlaryň medeni mirasyna bagyşlanan milli sergiler festiwala gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
Türkmenleriň adaty däp-dessuryna laýyklykda bezelip taýýarlanylan çadyrda türkmen halylary, milli lybaslar, türkmen zenanlarynyň el işleriniň önümleri we keşdeleri, şaý-sepleri, saz gurallary, şeýle hem Türkmenistan bilen tanyşdyrýan owadan suratlar görkezildi.
Bu ýerde myhmanlar şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistan hakynda çap edilen beýleki materiallar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň festiwala gatnaşmagy, şol sanda medeni diwarlygynyň üstünlikli işlemegi Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň maksatlaryny öňe sürmekde uly goşant goşdy – diýip, gazetde bellenilýär.