Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polşaly suratkeş Aşgabatda nobatdaky gezek öz eserleriniň sergisini gurady

20:0403.05.2025
0
23060

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Joanna Galeskanyň «Türkmenistanda bahar pasly» atly sergisi açyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, sergide ussat suratkeşiň Türkmenistana myhman bolan döwründe türkmen dünýäsi bilen baglanyşykly çeken ajaýyp eserleriniň 25-den gowragy görkezilýär.

Polşaly suratkeş Türkmenistanda indi ikinji gezek öz eserleriniň sergisini guraýar. 2023-nji ýylda-da Aşgabatda onuň nakgaşlyk we grafika eserleriniň sergisi bolupdy.

Ussat suratkeş dünýäniň dürli ýurtlarynda şahsy sergileriniň 30-dan gowragyny üstünlikli geçirdi. Ol Türkmenistana ilkinji gezek 2001-nji ýylda gelýär hem-de şondan bäri türkmen tebigatyna, Garagum sährasyna aşyk bolup, dürli nakgaşlyk we grafika eserlerini döredýär. Olaryň arasynda sergide ýaýbaňlandyrylan «Türkmen zenanlary», «Türkmen köli», «Halylar», «Deňiz», «Owadan nagyşlar», «Ýaz pasly», «Tebigat», «Sähralar», «Ene» ýaly sungat eserleri has-da ünsüňi özüne çekýär.

Suratkeşiň eserleriniň aglabasynda türkmen tebigatynyň, oba durmuşynyň gözelligi beýan edilýär. Suratkeş şildiräp akýan dag çeşmeleriniň, türkmen desterhanynyň, çopan goşundaky özboluşly durmuşyň, bagyň saýasynda oturan ýaşulularyň, hasyl ýygnaýan daýhanlaryň çeper keşplerini täzeçil many-mazmun bilen baýlaşdyryp, dürli reňkleriň sazlaşygynda sungat eserine öwürmegiň hötdesinden gelýär.

Ol her gezek Türkmenistana gelende, ýurduň welaýatlaryna aýlanyp görýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň