Häzirki wagtda Özbegistanda 1,5 müňe golaý türkmenistanly talyplar ýokary bilim alýarlar. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda Özbegistanda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany 1430-a deň. Türkmenistan goňşy ýurtda okaýan raýatlarynyň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Has takygy, häzirki wagtda Özbegistanda bilim alýan daşary ýurtlularyň 11,4 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.
Sanawyň başyny 6502 talyp bilen Hindistan çekýär. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Pakistanyň (1250), Russiýa Federasiýasynyň (732) we Gazagystanyň (639) ady bar.
Umuman alnanda, häzirki wagtda Özbegistanda 12,5 müň sany daşary ýurtly talyp okaýar.