«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Seula täze açylýan uçar gatnawynyň biletleriniň bahasy belli boldy. Aşgabatdan Seula bir taraplaýyn biletiň bahasy 2852.5 TMT bolar, Seuldan Aşgabada biletleriň bahasy bolsa goşmaça yglan ediler.
Aşgabat – Seul ugry boýunça uçuşlar her hepdäniň duşenbe günleri amala aşyrylar.
Biletleriň satuwy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda we kassalarynda açyldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy uçuşlary 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlanar.