Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin möhüm bildiriş

17:2407.05.2025
0
33550

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin girizen täze düzgünleri barada resmi maglumat paýlaşdy. Bu maglumat awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar. Bu çäre pasport gözegçilik amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilýär.

«Ýolagçylara Koreýa Respublikasyna sapar bilen barmazdan üç gün öň elektron sapar kartasyny doldurmagy maslahat berýäris, bu pasport gözegçiliklerinde bökdençlikleriň öňüni alar» diýlip, awiakompaniýanyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawlaryny ýola goýjakdygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň