Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär

08:5703.05.2025
0
21113

1-nji maýda Aşgabadyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu ýerde sergi guraldy, onda arap kalligrafiýasy boýunça gymmatlyklar, Liwiýanyň milli lybaslarynyň nusgalary, kitaplar we milli tagamlar görkezildi – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bu medeni çäräniň parahatçylygy we dostlugy berkitmekde, medeniýetleri baýlaşdyrmakda we iki halkyň özara düşünişmeginde, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny giňeltmekde eýeleýän ähmiýeti nygtaldy.

Çäre Liwiýanyň artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Konsert maksatnamasyna halk sazlary we aýdymlary, nusgawy we estrada aýdym-sazlary, tans çykyşlary girdi.

Ajaýyp milli lybaslardaky artistleriň çykyşlary tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylandy we olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda şeýle hem «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat geçirildi.

Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Şu gün, döredijilik çäresiniň soňky gününde Türkmenistanyň we Liwiýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň