Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy, Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen ulag aragatnaşygy artdyrylar, Türkmenistan Owganystana derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny eksport eder we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar. Döwlet Baştutany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna göülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
2. Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ulag gatnawlarynyň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlary guralar. Şeýle hem Balkanabat Halkara howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine, Türkmenbaşy demir ýol menzilnden Awaza dowamly awtobus gatnawyny ýola goýmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlarynyň sany artdyrylar.
3. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna 100-den gowrak ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň wekilleriniň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagyna garaşylýar.
4. Balkan welaýatynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagy tabşyrdy.
5. Owganystanyň Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary aprel aýynda Aşgabat şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar derman senagaty we saglygy goraýyş tehnologiýasy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Owgan lukmanlary Türkmenistanda antibiotikleri öndürýän türkmen-hindi bilelikdäki zawodynda öndürilen ýokary hilli we elýeterli bahaly dermanlary Owganystana eksport etmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Jebel şäheriniň golaýynda gurlan täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwrebap halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. howa menzili «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Desga Balkanabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda we «Mollagara» şypahanasyndan 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
https://turkmenportal.com/blog/90643/v-turkmenistane-otkryt-novyi-mezhdunarodnyi-aeroport-dzhebel
Dünýäde
1. Türkiýäniň şäher gurluşyk we daşky gurşaw ministri Murat Kurumyň bellemegine görä, Stambulda ýakynda bolup geçen ýertitremeden soň zeper ýeten binalaryň sany 4295-e ýetdi. Kurum weýrançylygyň gerimine baha bermek boýunça işleriň işjeň dowam edýändigini aýtdy. Mundan ozal Türkiýäniň häkimiýeti taryhy Fatih etrabynda taşlanan bir binanyň ýykylandygyny habar berdiler, ýöne ýykylma netijesinde adamlara zeper ýetmedi.
2. Aýdaho-Fols şäherinde itler dünýäsiniň dünýä rekordlarynyň eýeleri bolan iki antipod duşuşdy. 1,007 metr beýikligi bilen dünýädäki iň beýik it hökmünde ykrar edilen nemes dogy Reji boýy 9,14 santimetre ýetýän itler maşgalasynyň iň kiçi wekili bolan Perl atly çihuahua bilen tanyşdy. Itler dünýäsindäki bu üýtgeşik aratapawut Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi metbugat gullugy tarapyndan neşir edilen birnäçe surata düşürildi.
https://turkmenportal.com/blog/90608/v-ssha-proshla-vstrecha-sobakrekordsmenov
Sport täzelikleri
1. Bütindünýä uçýan diskler federasiýasy «Türkmenistanyň uçýan jemgyýetçilik birleşmesini» milli agza hökmünde düzümine goşdy. Uçýan diskler sporty Türkmenistana 1997-nji ýylda ornaşdyryldy. Şondan bäri bu sportyň muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar. Türkmen türgenleriniň eýýäm dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşýandygyny bellemek gerek. WFDF-e agza bolmak dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşmak we tälimçileri taýýarlamak boýunça maksatnamalara elýeterlilik üçin giň mümkinçilikleri döreder. 2015-nji ýylyň awgust aýynda Halkara Olimpiýa komiteti uçýan diskleri sportuň Olimpiýa görnüşi diýip ykrar etdi.