Türkmenistanda Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär, Awazada boljak BMG-niň maslahatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri geçiriler, 27-nji aprelde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip geçiler we beýleki habarlar
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi, uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelere gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurtda aýdym-sazly duşuşyklary, sergileri, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ýurduň welaýatlaryndaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere gül goýmak çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
https://turkmenportal.com/blog/90406/v-turkmenistane-podgotovili-ryad-meropriyatii-k-80letiyu-pobedy
2. Merkezi Aziýa ýurtlary 5 — 8-nji awgustynda Awazada – Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatynyň çäklerinde öz milli gününi geçirip bilerler. Bu barada Hökümet mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideriniň 21 — 24-nji aprel aralygynda Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana amala aşyran dostlukly saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
3. Türkmenistanda şu ýyl 27-nji aprelde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan giň gerimli çäreler geçirilýär. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy maslahatlar we «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Baýramçylyk güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary guralar.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady. Degişli çözgüt Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda kabul edildi. Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew ýurduň söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bazaryň çäginde döwrebap dükanlar, ammar jaýlary, 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän hem-de 700 orunlyk halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, şeýle hem 200 orunlyk awtoduralga göz öňünde tutulýar.
https://turkmenportal.com/blog/90402/v-kunyaurgenche-postroyat-sovremennyi-torgovyi-kompleks
5. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, diplomatik wekilhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sungaty öwrenijiler hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň başlygy öz çykyşynda bu serginiň geçmiş bilen şu günüň arasynda birleşdiriji köpri boljakdygyna, geljegimiziň nähili bolmagyny isleýändigimiz hakda oýlanmaga esas boljakdygyna ynam bildirdi. Sergide jemi 44 surat we 14 heýkeltaraşlyk eseri ýerleşdirildi. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, serginiň işi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 12-nji maýa çenli dowam eder.