15-nji maýdan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Awtobus ugry «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalýar.
Şäherara awtobus ugry boýunça petekleri gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar. Ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly petekleriň satuwynda onlaýn-hyzmaty elýeterli bolar.
Petekleriň satuwy auh.com.tm saýtynda we «Şäherara bilet» ykjam goşundysynda, şeýle hem Aşgabadyň halkara awtomenzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» söwda merkezinde amala aşyrylar. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan habar berildi.
Şäherara awtobus gatnawynyň tertibi we petekleri öňünden sargyt etmek baradaky goşmaça maglumatlar boýunça (+993 12) 44-35-30/31 we 44-35-20 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.