Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystana Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi

11:4724.04.2025
0
23077

Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin gyrgyz tarapyna özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygynda aýtdy.

«Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň