Türkmenistanyň öňdebaryjy agrosenagat kärhanasy «Miwe» AGPJ Aşgabatda geçiriljek «QACIS 2025» maslahatynyň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder.
Ahal welaýatynda 8200 gektardan gowrak oba hojalyk meýdanlaryna eýe bolan bu kompaniýa badam ösdürip ýetişdirmekde abraýly «GLOBAL G.A.P.» halkara güwänamasyny alan Türkmenistandaky ilkinji miwe öndürijisi bolmak bilen, möhüm üstünlik gazandy. Bu üstünlik kompaniýanyň önümleriniň durnukly oba hojalygynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini resmi taýdan tassyklaýar.
Obasenagat birleşiginiň bagbançylyk, önümleri gaýtadan işlemek we saklamak ýaly dürli ugurlarda ýöriteleşen «Hemsaýa», «Gök Bulut», «Datly Miwe» we «Miweli Atyz» hojalyk jemgyýetlerini öz içine alýar. Kompaniýanyň ekin meýdanlarynda alma, armyt, hurma, ülje, nektarin, garaly, şetdaly we badam ýaly miweleriň, şeýle hem ýeralma, kelem, sogan, käşir, sarymsak we kädi ýaly gök önümleriň köp sanly görnüşleri ösdürilýär. Şeýle hem kompaniýanyň ýyladyşhanalarynda banan ösdürilip ýetişdirilýär.
«Miwe» AGPJ döwrebap tehnologiýalara aýratyn üns berýär: awtomatiki damjalaýyn we liniýalaýyn suwaryş ulgamlary ornaşdyryldy, suwaryşy sanly dolandyryş ulgamy hereket edýär. «Erem» brendli önümler miweleriň tagamyny, ysyny we ýokumly maddalaryny ýylyň dowamynda saklamaga mümkinçilik berýän sublimasion usulynda gaýtadan işlenilýär.
Kompaniýanyň «QACIS 2025» maslahatyna kümüş hemaýatkär hökmünde gatnaşmagy Miwe «Miwe» AGPJ-niň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda hil, açyklyk we ekologiýa medeniýetini ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Maslahatyň esasy maksady – halkara bilermenleriniň, işewürligiň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we sanly ulgama geçiş boýunça dialog üçin meýdança döretmekden ybaratdyr.
Web-saýt: qacis.turkmenexpo.com. Telefonlar: (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88.