Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat we Astana Hazar deňzindäki portlaryň arasynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

11:5423.04.2025
0
18503

Türkmenistan Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip edýär. TDH-niň habar bermegine görä, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana dostlukly saparynyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda aýtdy.

"Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi" diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň