«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji maýdan Aşgabatdan Moskwa we Kazan şäherlerine uçar gatnawlaryny täzeden başlar – diýip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy uçuşlaryny täzeden başlaýar» — diýlip, habarda aýdylýar.
Täzeden başlanýan uçuşlara uçar biletleriň satuwlary eýýäm başlandy. Biletleri awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bolýar – diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy nygtaýar.