23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy (TEIF 2025) öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek iki günlük halkara çäresi Kuala-Lumpurda geçirilýär we öňdebaryjy milli hem-de halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Türkmenistanyň we tutuş sebitiň nebit-gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän bilermenlerini özünde jemleýär.
Bu halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. TEIF 2025 formunyň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk we maliýe pudaklarynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden, şeýle hem energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny pugtalandyrmakdan ybarat.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda günüň birinji ýarymynda tematiki tegelek stollar geçirilýär. Olarda sagat 11:30-dan 13:00-a çenli iki möhüm meseläniň ara alyp maslahatlaşmasy geçirilýär. «Emeli aňdan peýdalanmak bilen uglewodorod önümçiliginiň geljegi: nebit-gaz ýataklarynyň kuwwatyny açmak» atly birinji tegelek stol innowasion tehnologiýalarda we nebit-gaz pudagynda emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerine gönükdirilendir. Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň ýurduň baý uglewodorod serişdeleriniň has netijeli özleşdirilmegine nähili ýardam edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Şol bir wagtyň özünde ugurdaşlykda «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum kuwwatynyň ösüş mümkinçilikleri: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» atly ikinji tegelek stol geçirilýär. Bu ýerde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we adaty energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinden çykýan iki ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda maýa goýujylar üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Forumyň açylyş dabarasyny we maslahatyň umumy mejlisini geçirmek günüň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýär. Foruma Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümetleriniň ýokary derejeli wekilleriniň, iri halkara kompaniýalaryň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.