Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Moskwa uçuşlary maý aýyna çenli togtadyldy

15:3931.03.2025
0
42096

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa uçuşlaryny 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli togtadandygyny habar berdi. Bu barada "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti mälim etdi.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlaryň 2025-nji ýylyň 30-njy apreline çenli ýatyrylandygyny habar berýär. Petekler gaýtarmak üçin, petekleriň satyn alnan ýerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris" diýip, habarnamada bellenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynynyň arasynda "S7" awiakompaniýasynyň göni uçuşlary hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň