Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polşada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykanlar belli boldy

11:5720.05.2025
0
11451
Polşada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykanlar belli boldy
Surat: BBC

Polşanyň Saýlaw topary 18-nji maýda geçen Prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň sesleriniň 100 göterimini sanady. Netijede saýlawlara gatnaşyk 67,3 göterim boldy, bu 1990-njy ýyldan bäri saýlawlaryň birinji tapgyry üçin rekord görkezijidir diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ses sanalyşygyň jemlerine laýyklykda, ikinji tapgyra dolandyryjy «Raýat koalisiýasy» partiýasyndan dalaşgär Rafal Tşakowskiý 31,36 göterim görkeziji bilen, saýlawçylaryň 29, 54 göteriminiň goldawyny gazanan «Hukuk we adalat» partiýasyndan dalaşgär Karol Nawroskiý çykdylar.

Polşada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 1-nji iýuna bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň