Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat bilen Almatynyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar

10:5020.05.2025
0
17112
Aşgabat bilen Almatynyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar
Surat: Gazagystanyň Ulag Ministrligi

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ulag ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň netijesinde taraplar ulag pudagynyň esasy ugurlary boýunça birnäçe bilelikdäki başlangyçlary kesgitlediler.

Taraplar raýat awiasiýasy boýunça taraplar Almaty — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryny dikeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy bu ugry şu ýylyň dowamynda täzeden açmak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu bolsa döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň has-da ösmegine ýardam eder.

Ýol ulaglary ulgamynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylar. Maý aýynda Mangistau welaýatynda Žanaozen şäherinden Kenderli arkaly Türkmenistanyň serhedine çenli uzaýan gara ýolda abatlaýyş işleri başlar.

Şeýle-de awtomobil ulaglary we halkara ýük daşamalary boýunça daşary ýurt rugsatnamalarynyň (IBR) alyş-çalyş prosesini sanly görnüşe geçirmek barada ylalaşyldy. Bu bolsa ýurtlaryň arasynda üstaşyr geçirmeleri ep-esli ýokarlandyrar we ýük daşalyşyny çaltlaşdyrar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň wekiliýetiniň Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň