Awstriýaly aýdymçy Ýohannes Pitç (JJ) «Wasted Love» aýdymy bilen Şweýsariýanyň Bazele şäherinde geçen «Ýewrowideniýe-2025» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol bäsleşikde 436 utuk gazanmagy başardy diýip, «rg.ru» ýazýar.
Ikinji orny ysraýylly aýdymçy gyz Ýuwal Rafael (357 utuk), üçünji orny estoniýaly Tommi Keş (356 utuk) eýeledi.
Ýeri gelende aýtsak, «Ýewrowideniýe» bäsleşigi Ýewropanyň alyp eşitdiriş bileleşigi tarapyndan her ýyl geçirilýär.