Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda birinji Termez dialogy geçiriler

22:2719.05.2025
0
10671
Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda birinji Termez dialogy geçiriler
Surat: Vesti.az

Özbegistanda 19-21-nji maýda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky birinji Termez dialogy geçer. Bu barada Respublikanyň Strategiki we sebitara ylmy-barlaglar institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramžon Nematow TASS habarlar gullugyna habar berdi.

Ýolbaşçy dialogyň mowzugynyň «Umumy parahatçylyk, dostluk we gülläp ösüş giňişligi» diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, çäräniň işine hünärmenleriň giň topary çekiler. Olaryň arasynda daşary ýurt edaralarynyň, söwda-senagat palatalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri bolar.

Dialoga BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy Roza Otunbaýewa, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze, şeýle hem ŞHG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşarlar.

Dialogyň jemleri boýunça bilelikdäki resminama kabul etmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň