Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar tutuş Ýeri gurşap alan geň güwwüldini hasaba aldylar

15:3819.05.2025
0
15009
Alymlar tutuş Ýeri gurşap alan geň güwwüldini hasaba aldylar
Surat: Aif.ru

Planetanyň dürli künjeklerinde seýsmologlar ýer gabygynyň geň yrgyldysyny hasaba aldylar, ol dokuz gün dowam etdi we hemme ýerde hasaba alyndy diýlip, «Seismological Research Letters» žurnalynda çap edilen habarda aýdylýar.

Şonda her tolkun 92 sekunt dowam edipdir. Güňleç sesler hatda dünýäniň iň alys künjekleri bolan Arktikada we Antarktikada hem duýuldy. Alymlar täze hadysany «anyklanmadyk seýsmii ýagdaý» diýip atlandyrdylar. Ylmy barlaglar onuň däbe öwrülen ýertitremeden ýa-da öň belli bolan gelologiki hadysalardan tapawutlylykda, yzygiderliligi hem-de sazlaşyklylygy bilen tapawutlanýandygyny görkezdi.

Hünärmenler güwwüldi materikleriň we adalaryň kenaryna urulýan deňiz tolkunlary sebäpli dörän bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Ol her bir ýarym minutdan bolup geçýär we on müň gezekden hem köp gaýtalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň