Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jo Baýdende düwnük keseli tapyldy

14:0919.05.2025
0
13065
Jo Baýdende düwnük keseli tapyldy
Surat: Podrobno.uz

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýdende tiz beterleşýän prostata düwnügi (rak) ýüze çykaryldy. Kesel hatda onuň süňklerine hem ýaýrady. Bu barada Baýdeniň şahsy edarasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

82 ýaşly Baýdeniň wekilleri keseliň görnüşiniň çalt ýaýraýandygyna garamazdan, gormonal derejede duýgurdygy sebäpli bejerişiň täsirli bolup biljekdigini bellediler. Häzir Baýden we onuň maşgalasy öz lukmanlary bilen keseli bejermegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň