Türkmen halkynyň Milli Lideri KazanForuma gatnaşar, 19-njy maý Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi, türkmen raýatlary üçin Sinszýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilşigi açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen barar. Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek we Yslam dünýäsi bilen gatnaşyklary berkitmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazana saparynyň çäklerinde Russiýanyň ýolbaşçylary we ýurduň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.
3. Forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo 2025» halkara sergisi geçiriler, onda Türkmenistanyň milli sergisi adatça iň giň gerimlileriň biridir. Sergide türkmen öndürijileriniň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän önümleriniň köp sanly görnüşleri görkezilýär.
4. Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýdaky, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç güni 19-njy maýa geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
https://turkmenportal.com/blog/91096/v-turkmenistane-19-maya-obyavili-nerabochim-dnem
5. Türkmenistanda çagalar üçin haýyr-sahawat çäresi geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine we paýtagtdaky Döwletliler köşgüne baryp gördüler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan miweler, ir-iýmişler we beýleki sowgatlar gowşuryldy.
https://turkmenportal.com/blog/91107/v-turkmenistane-sostoyalas-blagotvoritelnaya-akciya-dlya-detei
6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa girmek üçin resminamalary kabul etmegiň başlanandygyny yglan etdi. Resminamalar 2025-nji ýylyň 12-21-nji maý aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
7. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiniň Başlygy ilçini Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalary we toplumlaýyn özgertmeleri, Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyrdy.
Dünýäde
1. Italiýaly suratkeş Salwatore Garau «Io Sono» («Men bar») atly görünmeýän heýkelini «Art-Rite» auksionynda 18 müň dollara satmak bilen üýtgeşik bir şertnama baglaşdy. Bu «maddy däl sungat eserini» satyn alyjy hakykylyk şahadatnamasyny we aýratyn görkezmeleri aldy: heýkeli hiç hili päsgelçiliksiz iki metre iki metr ölçegdäki boş ýerde görkezmeli. Garau öz konsepsiýasyny fiziki we filosofiki ýörelgeler bilen delillendirdi. Ol wakuumyň hem düýbünden boşluk däldigini öňe sürýär. Geýzenbergiň näbellilik ýörelgesine görä, «boş» giňişlik, şol sanda adam bölejiklerine öwrülip bilýän energiýa bilen doluldyr.
Sport täzelikleri
1. Polşada çagalaryň arasynda geçirilen fudokan-karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 21 medal – 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar. Ýaryş Polşanyň Pulawy şäherinde geçirildi we oňa dünýäniň 47 ýurdundan üç müň töweregi türgen gatnaşdy.
2. Kriştianu Ronaldu soňky 10 ýylda bäşinji gezek we yzly-yzyna üçünji ýyl «Forbes» reýtinginde birinji orny eýeläp, sport dünýäsinde maliýe taýdan öňdebaryjydygyny ýene bir gezek tassyklady. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň 40 ýaşly kapitany soňky 12 aýyň dowamynda hasabyna 275 million dollar goşdy. Bu mukdar klubdaky zähmet hakyny we köp sanly mahabat şertnamalaryny öz içine alýar. Ikinji orunda 156 million dollar girdejisi bolan amerikaly basketbolçy Stefen Karri barýar. Ilkinji üçlügi 146 million dollar gazanan britaniýaly boksçy Taýson Fýuri jemleýär.