Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» «Espanýol» klubyny ýeňip wagtyndan öň Ispaniýanyň çempiony boldy

14:3016.05.2025
0
19881

«Barselona» futbol boýunça Ispaniýanyň täze çempiony boldy, möwsümiň tamamlanmagyna iki duşuşyk galanda La Liganyň 36-njy tapgyrynda «Espanýol» klubyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, özüne çempionlyk adyny üpjün etdi.

Myhmançylykda geçirilen aýgytlaýjy duşuşyk gök-gyrmyzy lybaslylar üçin ygtybarly ýeňiş bilen tamamlandy. Hasap 53-nji minutda açyldy, şonda «Barselonanyň» ýaş ýarym goragçysy Lamin Ýamal derwezäniň ýokarky burçuna ajaýyp urgy bilen meýdança eýeleriniň derwezeçisi üçin hiç hili mümkinçilik galdyrmady.

«Espanyol» klubynyň ýagdaýy oýnuň 80-nji minutda has kynlaşdy, şonda komandanyň goragçysy Leandro Kabrera düzgüni gödek bozandygy üçin gönümel gyzyl kart alyp, öz toparyny azlykda goýmaga mejbur boldy.

Gutarnykly netije ikinji ýarymyň goşmaça wagtynda gazanyldy. Ozal gol bilen tapawutlanmagy başaran Lamin Ýamal ýarym goragçy Fermin Lopese topy netijeli geçirdi. Ol pursatdan peýdalanyp, garşydaşynyň derwezesine ikinji goly saldy we duşuşyga nokat goýdy.

Bu ýeňiş bilen Hansi Flikiň ýolbaşçylygyndaky futbol kluby ýaryş tertibinde 85 utuk toplap, iň ýakyn yzarlaýjysy Madridiň «Real» kluby üçin elýetmez boldy. Bu çempionlyk ady «Barselona» üçin klubyň taryhynda 28-nji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň