Aziýada COVID-19 täzeden ýaýraýar. Gonkongda we Singapurda kesel ýokuşanlaryň sanynyň artýandygy hasaba alyndy diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
Gonkongyň Saglygy goraýyş şäher merkeziniň ýokanç keselleri bölüminiň müdiri Albert Au koronawirusyň ýokuşmagynyň ýeterlik derejede ýokarydygyny aýtdy. Ölüme eltýän agyr ýagdaýlaryň sany-da bir ýylda iň ýokary derejä ýetdi. 3-nji maýa çenli bir hepdede şäherde 31 sany keselden aradan çykan ýaşaýjy hasaba alyndy.
Singapurda bolsa, kesel ýokuşanlaryň sany bir hepdede 28 göterim, ýagny 14,2 müňe çenli köpeldi. Olaryň 30 göterimi hassahana ýerleşdirildi. Ýerli Saglygy goraýyş ministrligi ýagdaý raýatlaryň immunitetiniň gowşamagy bilen bagly bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Şol bir wagtda häzirki wirusyň has ýokançdygy ýa-da keseliň agyr geçýändigi barada alamatlar ýok diýlip, hünärmenler belleýärler.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Adanom Gebreýesusiň sözlerine görä, COVID-19 pandemiýasy resmi maglumatlara laýyklykda, 7 million adamyň ölümine getirdi, emma BSGG-niň hasaplamalaryna görä, bu san 20 million töweregi bolmagy mümkin. Galyberse-de, ýokanç dünýä ykdysadyýetine 10 trillion dollar zyýan etdi.