Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5713.05.2025
0
13396

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdümegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňşi üçin gazanan ähli pullary haýyr-sahawata iberer, Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany iş maslahatyny jemläp, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.

https://turkmenportal.com/blog/90970/prezident-turkmenistana-provel-soveshchanie-po-voprosam-razvitiya-agrarnogo-sektora

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerini we türgenlerini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Sylag türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygy, Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigi, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda ýeňiş gazanandygy nazara alnyp gowşuryldy.

https://turkmenportal.com/blog/90971/prezident-turkmenistana-nagradil-prizami-arkadag-za-pobedu-v-lige-vyzova-afk

3. Şu gün Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Ýyldyz» otelinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahatda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çaygeldi Babanyýazow, Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi boýunça global direktory Waleri Hikki, GIZ sebit maksatnamasynyň müdiri Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan çykyş etdi.

https://turkmenportal.com/blog/90976/v-ashhabade-startovala-7ya-centralnoaziatskaya-konferenciya-po-voprosam-izmeneniya-klimata

4. Şu gün Aşgabatda öz işine başlan Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Sergidäki eksponatlar ýurduň biodürlüligini aýdyň görkezýär. Fotosurat sergisi bolsa myhmanlary tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ýüze çykýan daşky gurşaw meseleleri barada oýlanmaga çagyrýar.

https://turkmenportal.com/blog/90981/v-ramkah-regionalnogo-foruma-rabotaet-vystavka-unikalnoi-flory-i-fauny-turkmenistana

Dünýäde

1. Günorta Koreýanyň paýtagtynyň Banpho Hangan seýilgähindäki Jamsu köprüsinde her ýylky «Han River Space-Out» bäsleşigi geçirildi. Bu ýyl masgarabazyň pariklerinden we milli hanboklardan başlap, lama geýimlerine çenli dürli özboluşly eşiklei geýen 126 gatnaşyjy 90 minut wagty doly hereketsiz we ümsümlikde geçirdiler. 2016-njy ýyldan bäri geçirilýän bu adaty bolmadyk bäsleşik gatnaşyjylaryň öňünde özboluşly şert goýýar: telefon ulanmazdan, gürleşmezden we gymyldamazdan doly hereketsizlik.

https://turkmenportal.com/blog/90984/ezhegodnoe-sorevnovanie-po-bezdelyu-vnov-proshlo-v-seule

2. Türkiýäniň milli awiakompaniýalary uçar gonanda ýolagçylaryň özüni alyp barşyna gözegçilik etmek üçin berk çäreleri girizýärler. Täze düzgünlere laýyklykda, awiakompaniýalar esasy howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmedik syýahatçylara jerime salarlar. Uçar gonan badyna derrew ýerinden turan, goş goýulýan bölümiň gapagyny açan ýa-da uçarbeletleriň duýduryşlaryna äsgermezlik eden ýolagçylara jerime salynyp bilner diýlip Türkiýäniň raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň habarynda bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/90963/v-turcii-budut-shtrafovat-passazhirov-vstayushchih-do-polnoi-ostanovki-samoleta

Sport täzelikleri

1. Arkadag şäherinde «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler guraldy. Baýramçylyk çäreleri futbolçylaryň toparyň awtobusynda şäheriň merkezi şaýollaryndaky ýörişi bilen başlandy. Dabaranyň resmi böleginiň dowamynda «Arkadag» futbol toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky kapitany Arslanmyrat Amanow toparyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek baradaky başlangyç bilen şäheriň häkimine ýüz tutdy. Dabaraly çäreler Arkadag şäheriniň agşam asmany ýagtylandyrýan ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy.

https://turkmenportal.com/blog/90973/arkadag-napravit-vse-dengi-za-pobedu-v-lige-vyzova-afk-na-blagotvoritelnost

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň