Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň prezidenti «Arkadag» klubuny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

13:4213.05.2025
0
20047

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji çempionlyk ady bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri AFK-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Türkmen kluby final duşuşygynda Kambojanyň häzirki çempiony «Swaýrieng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Pnompeniň stadionynda 51 600 janköýeriň tomaşa etmeginde geçdi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) geçirdi. Meýdança eýeleriniň tarapyndan Saret Kria (82-nji minut) tapawutlanmagy başardy.

«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlaýaryn. Türkmenistanyň we Kambojanyň futbol federasiýalary öz klublaryna yklym sahnasynda ösmek üçin depginli gurşaw döredendikleri aýratyn öwgä mynasypdyr» — diýip, AFK-nyň metbugat gullugy şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifanyň sözlerini getirýär.

Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Arkadag» kluby, köp hünärmenleriň birnäçe braziliýaly legionerleriň çykyş edýän Kambojanyň komandasyna artykmaçlyk berendiklerine garamazdan, bu üstünlige ýetmegiň hötdesinden geldi. Munuň üstesine-de, oýun «Swaýriengiň» öz stadionynda geçdi.

AFK-nyň prezidenti şeýle-de bu ýaryşa gatnaşan 18 kluba we federasiýalara AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji ýaryşyny üstünlikli geçirmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we merkezleşdirilen toparçalaýyn tapgyryň guramaçylarynyň işini belläp geçdi.

«Bu täze taryhy sahypa ähli gatnaşyjylaryň goldawy bolmasa ýazylmazdy. Men toparçalaýyn tapgyrlary guraýjylara we AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji möwsümini geçirmäge goşant goşan sahna arkasynda işlänleriň hemmesine minnetdarlygymy bildirýärin» - diýip, Aziýa futbol konfederasiýasynyň baştutany nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň