Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

GIZ: Merkezi Aziýada üstaşyr ulaglar iň gysga wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýär

09:5511.05.2025
0
31036

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiren barlagy esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda harytlaryň üstaşyr geçmegi boýunça wagt, çykdajy we resminamalar seljerildi. Seljermä görä, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň gümrük serhedinden geçiş wagty ortaça 50 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagtyň biridir. Mysal üçin: Gazagystan – 2 sagat 26 minut, Täjigistan – 1 sagat 50 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 28 minut, Özbegistan – 1 sagat 25 minut.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtyndaky habarda bellenilişi ýaly, ýurduň döwlet serhet geçelgelerinde maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly gümrük we beýleki gözegçilik edaralarynyň utgaşykly işlemegi, «ýaşyl» geçelgeleriň ornaşdyrylmagy, şeýle hem gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi netijesinde işleriň tizligi ýokarlandy. Bu netijeler ýurtda döredilýän sanly we howpsuz gümrük giňişliginiň dünýä derejesinde üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy geljekde hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sebitleýin üstaşyr geçelgeleri giňeltmek boýunça işleri dowam eder diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň