Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

3-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

17:0603.05.2025
0
16780

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlady, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Seulyň arasynda göni uçuşlary ýola goýýar, Türkmenistanda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlady. Döwlet Baştutany bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi we Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/90665/prezident-turkmenistana-zavershil-poezdku-v-balkanskii-velayat

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 14-nji iýuldan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýar. Bir tarapa biletiň bahasy – 2850 manatdan başlaýar.

https://turkmenportal.com/blog/90674/aviakompaniya-turkmenistan-zapuskaet-pryamye-reisy-mezhdu-ashhabadom-i-seulom

3. Aşgabatda Liwiýanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide arap kalligrafiýasy boýunça gymmatlyklar, milli lybaslaryň nusgalary we Liwiýanyň milli tagamlary görkezildi. Çäre Liwiýanyň artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi.

https://turkmenportal.com/blog/90667/v-turkmenistane-prohodyat-dni-liviiskoi-kultury

4. 2 — 7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara festiwal geçiriler. Şeýle hem Balkan welaýatynda 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

https://turkmenportal.com/blog/90658/v-turkmenistane-27-iyunya-proidet-mezhdunarodnyi-festival-avaza--krai-druzhby

5. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Sebit okuw merkezi derejesini bermek baradaky teklip biragyzdan makullandy.

https://turkmenportal.com/blog/90661/uchebnyi-centr-tamozhennoi-sluzhby-turkmenistana-poluchil-podderzhku-na-prisvoenie-statusa-regionalnogo-centra-vtamo

Dünýäde

1. Hytaýdaky «Üç jülge» bendi Ýeriň aýlanmagyna täsir edip, bir günüň uzynlygyny 0,06 mikrosekunt artdyrdy we planetanyň aýlanma okuny takmynan iki santimetr üýtgetdi.

https://turkmenportal.com/blog/90673/krupneishaya-v-mire-plotina-kitaya-povliyala-na-skorost-vrashcheniya-zemli

2. Tehasda 800 müň dollarlyk täze teňňeleri alyp barýan ýük awtoulagy agdaryldy. Pullary ýygnamak üçin ýoly 14 sagatlap ýapmaly boldy.

https://turkmenportal.com/blog/90670/v-tehase-iz-gruzovika-vysypalis-monety-na-summu-800-000

Sport täzelikleri

1. Türkmen agyr atletikaçylary Peruda geçirilen ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda 3 medal gazandylar. Didarbek Jumabaýew 81 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy, Kakamyrat Annamyradow hem 73 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Ogulşat Amanowa silterläp götermek tapgyrynda bürünç medala mynasyp boldy we 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň umumy netijeleri boýunça dördünji orny eýeledi.

https://turkmenportal.com/blog/90678/tyazheloatlet-iz-turkmenistana-dzhumabaev-zavoeval-serebro-na-yunosheskom-chm-v-peru

https://turkmenportal.com/blog/90671/turkmenskii-tyazheloatlet-annamyradov-zavoeval-serebro-na-yunosheskom-chm-v-peru

https://turkmenportal.com/blog/90654/turkmenskaya-shtangistka-amanova-zavoevala-bronzu-v-tolchke-na-yunosheskom-chm-v-peru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň