Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi, Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» sergisi-ýarmarkasy öz işine başlady, türkmen hokkeýçileri üçünji diwizionyň dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
https://turkmenportal.com/blog/90498/prezident-turkmenistana-prinyal-generalnogo-sekretarya-oes
2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Pur Mohammadini kabul etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.
3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi hem kabul etdi. Söhbetdeşler häzirki wagtda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, medeni däpleriň umumylygyna esaslanýar.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Duşuşykda özbek wise-premýeri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň türkmen döwletiniň Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluga we özara hormat goýmaga esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmegiň we galla oragyna gowy taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
7. Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy. Dünýäniň 35 ýurdundan 250 wekili bir ýere jemlän forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Çäräniň çäklerinde şeýle hem «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçiriler.
Dünýäde
1. Ýewropada lukmançylyk synagy başlandy: 22 klinikanyň we ylmy-barlag merkezleriniň lukmanlary hassalaryna muzeýlere baryp görmek, sport bilen meşgullanmak ýa-da döredijilik işlerine gatnaşmak ýaly adaty bolmadyk bejergileri belläp başladylar. Bu adaty bolmadyk çemeleşme saglyk bilen bagly meseleleri sosial izolýasiýa, hemişelik stres ýa-da durmuş kynçylyklary bilen baglanyşykly adamlara kömek etmäge gönükdirilendir.
2. Duşenbe güni Pireneý ýarym adasynda elektrik üpjünçiligi kesilip, Ispaniýada we Portugaliýada ýüzlerçe müň öý we kärhanalar elektriksiz galdy. Elektrik togunyň kesilmegi Ispaniýanyň esasy şäherlerine, şol sanda Madride, Barselona, Walensiýa we Sewilýa täsir etdi. Ulag infrastrukturasyna aýratyn zeper ýetdi.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça üçünji diwizionyň «A» toparynda geçirilýän Dünýä çempionatynyň soňky tapgyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyndan goşmaça wagtda üstün çykdy. Stambuldaky duşuşygyň esasy wagty 5:5 hasaby bilen tamamlandy, goşmaça wagtda Kerwen Baýlyýewiň garşydaşynyň derwezesine salan şaýbasy türkmen toparyna ýeňiş getirdi. Günorta Afrika Respublikasyna garşy üstünlikli oýnunyň netijesinde Ylýas Weliýewiň topary ýaryş tertibinde ikinji orny we kümüş medallary eýeledi.
2. Kiokușinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyndan on türgen 10-11-nji maýda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar. Ermenistanda guralýan ýaryş türkmen karateçileriniň 28-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi șäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görjek möhüm tapgyry bolar. Federasiýanyň wekilleriniň sözlerine görä, türgenleriň öňde durýan dünýä çempionatyndaky esasy maksady – üstünlik gazanmak we her bir agram derejesinde iň gowy netijeleri görkezmekdir.