17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler. Bu çäre türkmen hususyýetçileriniň üstünliklerini giň jemgyýetçilige ýaýbaňlandyrmakda özboluşly meýdança öwrüler.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Onuň işi 17-18-nji mart günleri sagat 10:00-da başlap, 18:00-a çenli, 19-njy martda bolsa sagat 10:00-dan 17:30-a çenli dowam eder.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çäreleri guralar. Bu giň gerimli sergide 2025-nji ýylda öndürilen täze önümlere we ýola goýlan hyzmatlara hem uly orun berler. Bellenilişi ýaly, geçen 17 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artdy, hususy başlangyçlaryň rowaçlandy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň gerimi has-da giňedi.
Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem geçiriler. Serginiň jemleýji gününde — 19-njy martda sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 21-23-64, 21-23-75.